YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynda azyk önümleriniň bölek satuw nyrhlary peselýär

Lebap welaýatynyň azyk bazarlarynda 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda öňki aý bilen deňeşdirilende üzümiň (25,73 göterim), düýp soganyň (11,33 göterim), käşiriň (10,77 göterim), garpyzyň (8,06 göterim), noýbanyň (3,03 göterim) nyrhlarynyň peselendigi hasaba alyndy.

Bulardan başga-da, gök çaýyň, täze goýun etiniň, ary balynyň, şekeriň satuw nyrhlarynyň biraz peselendigi bellenildi. Geçen aýda gurluşyk materiallarynyň nyrhlary hem peseldi. Munuň özi bazarlary zerur harytlyk önümler bilen bolelin üpjün etmek, milli manadyň hümmedini durnukly saklamak ugrunda edilýän tagallalaryň ýerine düşýändigine şaýatlyk edýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: