JEMGYÝET

Ýaş žurnalistleriň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijileri kesgitlenildi

Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde ýaş žurnalistleriň arasynda yglan eden «Arkadagly zamananyň bagtyýar nesilleri» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi.

Bäsleşikde Türkmenistanda durmuşa geçirilýän beýik işler, şanly seneler mynasybetli ulanylmaga berilýän desgalar, dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmakda Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň ähmiýeti, olaryň many-mazmuny anyk mysallar arkaly publisistik äheňde açylyp görkezilen makalalaryň, oçerkleriň iň gowulary saýlanyp alyndy.

Döredijilik bäsleşigine ýaşlaryň, talyplaryňdyr mekdep okuwçylarynyň köp sanlysyny gatnaşdy. Bäsleşik yglan edilen gününden başlap, 50-ä golaý dürli žanrdaky işler kabul edildi. Eminler topary zehinli ýaşlaryň 13-siniň işini saýlap-seçdi.

Aşgabatda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Dabarada baýrakly orunlary eýelänler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan diplomlardyr ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanyldy.

Bäsleşige işjeň gatnaşanlara hem höweslendiriji baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: