YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynda haryt dolanyşygynyň möçberi artýar

Lebap welaýatynda şu ýylyň geçen dokuz aýynda bölek haryt dolanyşygynyň möçberi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 10,7 göterim artdy. Şonda bu görkeziji 9 milliard 653,9 million manada barabar boldy.

Söwdanyň döwlete degişli böleginde hem haryt dolanyşygy durnukly ösýär. Welaýatyň bölek satuw dolanyşygynyň umumy möçberinde onuň paýy 9,3 göterime ýetdi. Bu möhüm işde Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň kärhanalarynda düýpli öňegidişlikler bolup geçdi. Şonuň netijesinde bu kärhanalar döwlete degişli bölekdäki bölek satuw haryt dolanyşygynyň umumy möçberiniň 45,6 göterimini eýeledi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: