YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynyň telekeçileri ABŞ-nyň 6 million 375 müň dollaryndan köpräk harydy eksport etdiler

Lebap welaýatynyň telekeçileri üstümizdäki ýylyň sekiz aýynda senagat önümleriniň 22 milliona 313 müň manatlygyna ýakynyny daşary ýurtlara ugratdylar. Başgaça aýdanymyzda, eksport edilen harytlaryň umumy bahasy ABŞ-nyň 6 million 375 müň dollaryndan köpdür.

Şu döwürde senagat önümlerini öndürmek bilen meşgullanýan telekeçileriň 12-si öndüren önümlerini eksporta ugratdylar. Daşary ýurtlara iberilen harytlaryň arasynda izogamm, suwuk bitum mastikasy, senagat garyndy suwuklygy, akkumulýatorlar, mebel görnüşli geýimlik nah pagta, nah mata pamygy we beýlekiler bar. Lebaply hususyýetçileriň kärhanalarynda öndürilen önümleri Özbegistanyň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Hytaýyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Belarusyň, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň işewürleri satyn aldylar. «Mizemez gadam», «Gaýrat», «Türkmen ojagy» hususy kärhanalary, «Kökçi» hojalyk jemgyýeti daşary ýurt bazarlaryndaky orunlaryny has berkidýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: