MEDENIÝET

«Türkmenifilm» täze ýyl sowgadyny taýýarlady

Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşmesinde täze gysga metražly gülküli filmleri surata düşürmegi tamamladylar. W.Işangulyýewiň «Täze ýyl» we K.Karaýewiň «Täze ýyl şowhuny» sazly komediýalaryny milli telewideniýede görkezerler.

Täze filmler birleşmäniň tomaşaçylar üçin taýýarlan täze ýyl sowgadydyr.

Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşmesinde ýakyn günlerde tomaşaçylara «Rowaýat» we «Gyzyl alma» gysga metražly taryhy kinolary görkezmegi hem meýilleşdirýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: