YKDYSADYÝET

«Asly halal» hususy kärhanasy önümçilik we durmuşy galyndylar gaýtadan işleýär

«Asly halal» hususy kärhanasynyň Farap etrabynyň Jendi geňeşliginiň çäginde ýerleşýän önümçilik bölüminde önümçilik we durmuşy galyndylar gaýtadan işlenilip,ikinji derejeli  çig mal alynýar.

Bu hususy kärhana tarapyndan 2020-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Brýansk şäherindäki  «Kompozit» jogapkärçiligi çäkli jemgyýetinden düzüminde nebit garyndylary bar bolan, önümçilik galyndylaryny ýakyp zyýansyzlandyrýan «UNN-0,8» enjamy satyn alnyp, bu seh işe girizildi. Bu ýerde Farap etrabynyň çäginde ýerleşýän Hytaý kompaniýalarynda emele gelen önümçilik we düzüminde nebit garyndysy bolançäge, toprak galyndylary we Panama Respublikasynyň «Şlýumwerže Lodželko Ink» kompaniýasynda emele gelen himiki we suwuk galyndylary zyýansyzlandyrmak, ýakyp ýok etmek hem-de galyndylary gaýtadan işlemek bilen ýol gurluşygynda zerur bolan önüm alynýar. 

«Asly halal» geljekde  geljekde bu önümçilik sehinde zir-zibilleri wagtlaýyn saklamak, saýlamak we gaýtadan işlemegiň ýyllyk kuwwatyny  30000 tonnadan geçirmegi maksat edinýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: