Mollanepesiň döredijiligine bagyşlanan sergi açyldy
Çärjew etrabynyň Farap şäher kitaphanasynda «Yşk mülküniň şasy» atly kitap sergisi açyldy. Ol türkmen nusgawy şahyry Mollanepesiň döredijiligine bagyşlandy.
Sergide şahyryň dürli ýyllarda neşir edilen goşgular ýygyndylary, «Zöhre-Tahyr» dessany, onuň döredijiligine bagyşlanan monografiýalar, ylmy makalalar goýuldy. Mollanepesiň türkmen, rus we iňlis dillerinde çap edilen goşgulary ýygyndylary, meşhur dessany onuň döredijiligi bilen üç dilde tanyşmaga mümkinçilik berýär. Olara orta mekdepleriň dil we edebiýat derslerini okadýan mugallymlary, okuwçylar aýratyn gyzyklanma bildirýärler.
Kitaphananyň işjeň okyjylary serginiň ilkinji myhmanlary boldular.