JEMGYÝET

Lebap welaýat kitaphanasynda Ylymlar gününe bagyşlanan maslahat geçirildi

Lebap welaýat kitaphanasynda «Ylym — kämilligiň çeşmesi» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ylymlar gününe bagyşlanan çärä Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Türkmenabat şäherindäki orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, kitaphanaçylar we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Onda Türkmenistanda ylmyň ösüşi, alymlar tarapyndan alnyp barylýan ylmy gözlegler, olaryň netijeleriniň ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna ornaşdyrylyşy barada gürrüň edildi. Şonuň ýaly-da, ylmy işlere ýaşlaryň çekilişi, olaryň höweslendirilişi hakynda hem durlup geçildi. Orta mekdepleriň okuwçylarynyň, orta hünär we ýokary okuw jaýlarynyň talyplarynyň onlaýn ders we taslama bäsleşiklerine gatnaşýandyklary we ýokary netijeleri görkezýändikleri hem bellenildi.

Bu ýerde ylmy kitaplaryň we usuly gollanmalaryň sergisi hem guraldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: