JEMGYÝET

Daşoguz welaýatynda çagalar üçin seýilgäh gurulýar

Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň merkezinde umumy meýdany 1,5 gektara barabar bolan ýerde dynç alyş seýilgähini gurmak işi gyzgalaňly dowam edýär. Bu barada «Daşoguz habarlary» gazetinde habar berilýär.

2020-nji ýylda iň göreldeli etrap diýlip yglan edilip, ABŞ-nyň 1 million dollary möçberi bilen sylaglanan bu etrapda şol baýragyň hasabyna çagalar üçin bu ajaýyp seýilgäh gurulýar. Bu ýerde çagalar üçin niýetlenen 9 sany attraksion, awtodrom, edara jaýynyň binasy bilen birlikde 50 orunlyk kafe we beýleki zerur oňaýlyklar göz öňünde tutulandyr. Mundan başga-da, bu ýerde myhmanlar üçin awtoduralga hem hyzmat eder. Bu seýilgähiň Çagalary goramagyň halkara gününe çenli doly taýýar edilmegine garaşylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: