JEMGYÝET

Hytaýda almaz ýaly berk aýna döredildi

Hytaýly ylmy barlagçylar almazyň ýüzünde aňsatlyk bilen yz galdyryp bilýän dünýäde iň berk aýnany – AM-III materialyny döretdiler. Bu barada ferra.ru habar berdi.

AM-III – durşuna ugleroddan ybarat bolan aňyrsy görnüp duran dury materialdyr. Ol Wikers boýunça gatylyk synagynda 113 gigapaskal netije görkezdi. Deňeşdirip görende, tebigy almazyň gatylygy, adatça, 50-den 70 gigapaskala çenli, käbir emeli daşlaryňky bolsa 100 gigapaskala çenli bolýar. Elbetde, täze aýna önümi entek köpçülikleýin öndürilmekden uzakda. Şeýle-de bolsa, AM-III-den ýasalan ok geçirmeýän penjire häzirki zaman önümlerinden 20-100 esse berk bolup biler. Mundan başga-da, AM-III materialy kremniý ýaly täsirli ýarymgeçiriji hasaplanýar. Munuň netijesinde, material fotoelektrik enjamlarynda giňden ulanylyp bilner.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: