YKDYSADYÝET

Türkmenistanyň ýüpekçileri pile tabşyrmak boýunça meýilnamalaryny berjaý etdiler

 Türkmenistanyň ýüpekçileri döwlete 2 müň 300 tonnadan gowrak pile tabşyrdylar we dokma senagaty üçin zerur bolan bu çig maly taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny berjaý etdiler.

Bu işe Lebap welaýatynyň ýüpekçileri hem mynasyp goşantlaryny goşdular. Olar kabul ediş nokatlaryna 1 müň 60 tonnadan geçirip çig mal tabşyrdylar. Şu möwsümde sebitde 23 müň 250 kärendeçi ýüpek gurçuklaryny idetdi.

Häzirki wagtda bu çig maly Aşgabadyň ýüpek fabriginde we Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşiginde ulanýarlar we ondan ýüpek ýüplügini alýarlar, ýüpek matalary we ýaglyklary dokaýarlar. Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşiginde ýüpek halylary dokaýarlar, şonuň ýaly-da milli keteni matasyny çykarmagy hem ýola goýdular. Aşgabadyň ýüpek fabriginde bolsa zenanlaryň arasynda uly islegden peýdalanýan panbarhat hem dokaýarlar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýüpekçileri ýeten sepgidi bilen gutlady.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: