YKDYSADYÝET

Lebap telekeçiler müşderilere ýokary hilli süýt we süýt önümlerini hödürleýärler

Lebap welaýatynyň telekeçileri ýylyň başyndan bäri 622,6 tonna ýakyn süýt öndürdiler. Ondan 46,0 tonna ýakyn süýt önümleri öndürildi we ilata hödürlenildi. Has takygy, söwda nokatlaryna 19,2 tonnadan gowrak peýnir, 1,5 tonna gaýmak, 18 tonna gatyk we 4,3 tonna doňdurma ugradyldy.

Süýdüň öndürilişine aýry-aýry telekeçiler has saldamly goşant goşdular. Mysal üçin, «Bereketli jaý» hususy kärhanasynda bu önümiň 105,9 tonnasy öndürildi. Bu kärhananyň geçen ýykly görkezijisinden 86,6 tonna köpdür. Farap etrabynda mal idedýän Patma Jumaýewa bolsa 40 tonna süýt öndürdi. Bu onuň geçen ýylky ýeten sepgidinden 26 tonna köpdür. Çärjew etrabyndan telekeçi Berdimurat Möwlamow bolsa geçen ýylyň degişli döwründäkisinden 11 tonna süýt köp öndürdi. Ýagny, 51 tonna önüm aldy. Halaç etrabynda mal idedýän Alişer Sultanow bolsa geçen ýyldakysyndan 17 tonna ýakyn süýt köp öndürdi. Onuň görkezijisi 18,18 tonna barabar boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: