YKDYSADYÝET

Türkmenistanda ýolagçy we ýük daşamagyň möçberi artýar

Geçen on bir aýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 115,1 göterime deň boldy.

Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary bilen ýük daşamagyň meýilnamasy 112,2 göterim we ýolagçy gatnawlary boýunça meýilnama 104,7 göterim ýerine ýetirildi.

Ýanwar — noýabr aýlarynda «Türkmendemirýollary» agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 105,2 göterime, «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça 129,8 göterime, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça 109,3 göterime, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça bolsa 107,7 göterime deň boldy.

Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 16-njy dekabrda geçirilen giňişleýin mejlisinde aýdyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: