YKDYSADYÝET

Çärjew pagta arassalaýjy kärhanasy täze möwsüme taýýar

Çärjew pagta arassalaýjy kärhanasynyň hünärmenleri täze hasyly kabul etmek we ony gaýtadan işlemek üçin gerek bolan ähli zerur çäreleri gördüler. Olar abatlaýyş  işlerini bellenilen möhletlerde üstünlikli tamamladylar.

Bu bolsa kärhananyň zähmetkeşler toparynyň şanly ýylyň «ak altynyny» wagtynda we ýokary hilli gaýtadan işlejekdigini aňladýar. Abatlaýyş işleriniň ählisiniň kärhananyň hünärmenleriniň güýji bilen amala aşyrylandygy hem bellärliklidir. Olar enjamlaryň işlemek möhleti geçen şaýlaryny çalyşmakda, olary sazlamakda, elektrik hereketlendirijileri abatlamakda öwgä mynasyp işleri ýerine ýetirdiler. Baş energetik Ruslan Rahmanowyň elektromontýorlaryň işini sazlaşykly ýola goýmagynyň netijesinde elektrik enjamlary, tok geçirijiler doly gözden geçirildi hem-de degişli abatlaýyş işler amala aşyryldy.

Kärhana degişli pagta kabul ediş harmanhanalarydyr tereziler hem doly abatlanyldy. Şonuň ýaly-da şu möwsümde ýygnalan hasyly kärhana daşamakda ulanyljak ýük ulaglary, traktorlar, tirkegler birlaý gözden geçirildi, abatlanyldy, olara gerekli tehniki hyzmatlar edildi we taýýarlyk hatarynda goýuldy. Taýýar önümler saklanyljak ammarlarda hem degişli işler geçirilip, olar möwsüme doly taýýar edildi.