Türkmenistanyň «EKSPO—2020» sergisindäki milli pawilýony işini ýene-de bäş ýyllap dowam eder
Dubaý şäherinde (Birleşen Arap Emirlikleri) geçirilen «EKSPO-2020» sergisiniň guramaçylyk komiteti Türkmenistanyň milli pawilýonyny ýene-de bäş ýyl möhletiň dowamynda ulanmagy teklip edýär. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew 11-nji iýunda geçirilen hökümet mejlisinde habar berdi.
Milli pawilýonyň öz işini dowam etmegi ýurdumyzda öndürilýän harytlary mahabat etmek hem-de ýerlemek, işewürlik duşuşyklaryny hem-de forumlaryny geçirmek üçin netijeli meýdança bolar diýlip hasap edilýär. Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýere koronawirus zerarly dünýäde emele gelen ýagdaýyň kadalaşmagy bilen, ýurtda dürli ugurlar boýunça halkara sergilerini guramagy tabşyrdy. Şeýle hem, dürli ýurtlarda hem-de şäherlerde söwda merkezlerini açmak tejribesini dowam etmegiň gerekdigini nygtady.
«EKSPO-2020» Bütindünýä sergisi öz işini 2022-nji ýylyň 31-nji martynda tamamlapdy.