YKDYSADYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti halkara gatnawlaryny dikeltmegi tabşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hökümetiň 11-nji iýunda geçirilen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewe ýakyn wagtda beýleki ýurtlar bilen halkara gatnawlaryny dikeltmek boýunça işleri geçirmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany dünýäde koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly ýagdaýlaryň kadalaşýandygyny, köp ýurtlarda halkara gatnawlaryň giňişligiň açylýandygyny belledi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: