MEDENIÝET

Lebabyň teatry Gyrgyzystandaky festiwalda çykyş etdi

10-njy dekabrda Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik topary Gyrgyz Respublikasynyň halk ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň doglan gününiň 95 ýyllygy mynasybetli geçirilýän «Aýtmatow we teatr» atly VI halkara teatr festiwalynda üstünlikli çykyş etdiler.

Baş keşbi aktrisa Dursun Taganowa tarapyndan ýerine ýetirilen spektaklda Nurgazy atly oglanyň ykbaly barada gürrüň berilýär. Onuň janlandyran bu keşbi ýaş aktrisanyň ilkinji uly çykyşydygyna garamazdan, täsirli ýerine ýetirenligi üçin tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanylýar. Mundan başga-da, bu spektaklda Batyr Ýazow, Babageldi Rejepow, Akjagül Suhanowa, Nurýagdy Döwletow, Gülşat Amandurdyýewa we Gülälek Jumaýewa dagylar çykyş etdiler.

Şu ýyl Türkmenistanyň halk artisti, teatr režissýory, teatr we kino aktrisasy Gülälek Muhammetorazowa  «Aýtmatow we teatr» atly VI halkara teatr festiwalynyň emin agzalygyna goşuldy.

Bu festiwala Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Türkmenistandan, Russiýadan we Özbegistandan döredijilik toparlary gatnaşýarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: