JEMGYÝET

Türkmenistanda daşary ýurt awiakompaniýalarynyň uçarlary üçin hem biletler satylyp başlandy

Indi üçünji bir ýurduň üsti bilen daşary döwletlere syýahat etmegi, dynç almagy ýa-da iş duşuşyklaryny geçirmegi meýilleşdirýän türkmenistanly ýolagçylar şol bir ýerden beýleki esasy howa gatnawlaryna — S7, Turkish Airlines, Fly Dubai, Emirates, AirIndia, Lufthansa, Qatar Airways we beýleki iri awiakompaniýalaryň uçuşlaryna petek satyn almaga hem-de hyzmatlardan peýdalanmaga mümkinçilik alýarlar.

Göni we utgaşdyrylan gatnawlaryň petekleri «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Aşgabat şäheriniň Oguz han köçesinde ýerleşýän edara binasynyň ikinji gatynda satylýar.

Gatnawlar barada goşmaça maglumatlary hem-de maslahatlary almak üçin her gün (dynç günsiz) 08:00 — 20:00 iş tertibinde işleýän +993 12 39-17-72 telefon belgisinden peýdalanyp bilersiňiz!