JEMGYÝET

Lebapda Halkara Bitaraplyk güni bellenilýär

Şu gün Türkmenistanyň ähli sebitlerinde bolşy ýaly, Gündogar welaýatda-da Halkara Bitaraplyk gününiň dabaralary giňden bellenildi. Olara bagtyýar ildeşlerimiz agzybirlik bilen gatnaşdylar.

Ir säher çagynda welaýat merkezindäki Baş Baýdak meýdançasynda we ähli etrap-şäherleriň Baýdak meýdançalarynda Döwlet baýdagy Döwlet senasynyň joşgunly mukamynyň astynda belende göterilip, şanly toýuň dabarasy asman belentligine ýaýyldy. 

Şanly sene mynasybetli welaýat häkimliginde geçirilen dabaraly maslahat «Bitaraplyk ýoly ― parahatlyk ýoly» diýlip atlandyryldy. Ony welaýat häkimligi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Gündogar sebit boýunça wekilhanasy bilen bilelikde gurady.

Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirilen dabaraly konsertde welaýatymyzyň sungat ussatlary dünýä halklarynyň meşhur aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. Baýramçylyk mynasybetli ildeşlerimiziň dynç alýan gününde welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde guralan wagtlaýyn sergi hem köp adamly boldy. Ozal hem habar berşimiz ýaly, sergide baky Bitaraplygymyz bilen bagly gymmatlyklar görkezilýär.

Şanly baýram mynasybetli dabaralar welaýatyň ähli etrap-şäherlerinde ýokary derejede geçirilýär. Olara ildeşlerimiz agzybirlik bilen gatnaşýarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: