JEMGYÝET

Türkmenistanyň DIM-ni Gazagystandaky bolup geçýän wakalara Türkmenistanyň alada bilen seredýändigini beýan etdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi soňky günlerde Gazagystan Respublikasynda bolup geçýän wakalara Türkmenistanyň alada bilen seredýändigi barada habar berýär. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin habarynda aýdylar.

Onda: «Köpasyrlyk dostluk, doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny hem-de strategiki hyzmatdaşlygyny nazarda tutup, ýurtdaky dowam edýän ýagdaýyň tiz wagtda kadalaşmagyna, Gazagystanyň mundan beýläk hem durnukly syýasy-jemgyýetçilik we durmuş-ykdysady ösüşine çuňňur gyzyklanma bildirýär.

Paýhas, öňdengörüjilik, ata-babalaryň däp-dessurlaryna çuňňur hormat goýmak, gadymy gazak halkyna mahsus bolan çydamlylyk ýaly häsiýetleriň ýüze çykan ähli meseleleri konstitusion-hukugyň çäklerinde hem-de halkara kadalara we düzgünlere laýyklykda çözmek üçin berk esas bolup hyzmat etjekdigine berk ynanýarys» diýilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: