YKDYSADYÝET

«Garabogazkarbamid» zawodynda mineral döküniň öndürilişiniň möçberi artýar

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Garabogazkarbamid» zawodynda şu ýylyň atly aýynda 565 müň 916 tonnadan gowrak karbamid öndürildi. Bu geçen ýylyň degişli döwründäkisinden köpdür.

Karbamid oba hojalyk işgärleriniň arasynda uly isleg bildirilýän mineral dökünleriň biridir. Onsuz oba hojalygy pudagynyň ösüşini göz öňüne getirmek mümkin däl. Zawodyň taslama kuwwaty ýylda bir million bir ýüz elli bäş müň önüm öndürmäge niýetlenendir. Bu Türkmenistanyň oba hojalyk işgärleriniň bu döküne bolan isleglerini doly kanagatlandyrýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: