Farapdaky konsert medeniýet we sungat işgärleriniň gününe bagyşlandy

Farap etrabyndaky 22-nji orta mekdepde medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanan baýramçylyk dabarasy boluň geçdi. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň etrap bilim we medeniýet bölümleri bilen bilelikde guran çäresine orta mekdepleriň mugallymlary we çagalar baglarynyň işgärleri gatnaşdylar.

Onda çykyş edenler Türkmenistanda medeniýetiň we sungatyň ösüşi, medeniýet öýlerinde ýaşlary döredijilik işine çekmek, ýaş zehinleri ýüze çykarmak ugrunda alnyp barylýan işler barada gürrüň etdiler. Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy, onuň goşgularynyň çeperçilik we mazmun taýdan baýlygy, terbiýeçilik ähmiýeti, olaryň mekdep okuwçylaryna öwredilişi barada gürrüň etdiler. Medeniýet bölüminiň aýdymçylary bolsa şahyryň sözlerine döredilen, häzriki zaman kompozitorlarynyň ýazan aýdymlaryny ýerine ýetirdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector