JEMGYÝET

Läheňiň içine düşdi, ýöne şonda-da diri galdy

Günorta Afrikaly 51 ýaşly Raýner Şimpf Baýda polosatigi (uly läheňleri bir görnüşi) sardinleriň (takgaz balyklar maşgalasyndan bolan kiçiräk deňiz balyklarynyň) sürüsi bilen bilelikde ýuwdandan soň, zordan diri galdy, diýip «mail.ru» ýazýar. Şimpf höwesjeňleri we professionallary deňiz ýaşaýjylaryna syn etmek üçin suwa çümmegi guraýan «Dive Expert Tours» kompaniýasynyň direktory. Wakanyň bolup geçen güni Raýner suwa çümýänleriň topary bilen Keptaundan gündogar tarapdaky Port-Elizabete sardinleriň gidişini surata düşürýärdi. Deňiz joşup başlan we Şimpf läheňiň agzyna düşen wagty akwalangistler kenardan 40 kilometr aralykdadylar. Indi 15 ýyl bäri suwuň aşagynda surata düşürýän operatoryň hyzmatlaryny edýän tejribeli draýwer (suwa çümýän) aljyramandyr we läheňiň agzyndan sypmagy başarypdyr. Braýda polosatigi ummanlaryň aram we tropiki giňişliklerinde duş gelýär. Ol 14 metr uzynlygyna çenli ösýär we 300 metr çuňluga çenli çümüp bilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: