Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

Hatda betonda hem bakteriýalar ýaşaýarlar

Aug 10, 2021

Bakteriýalaryň käbir görnüşleri şeýle bir çydamly welin, hatda olar has ýaramsyz ýerlerde hem, şol sanda betonda hem diri galýarlar, diýip «mail.ru» ýazýar.

ABŞ-niň Delawer uniwersitetiniň mikrobiologlary duýdansyz şeýle açyş etdiler. Bu materialda «Proteobacteria», «Firmicutes» we «Actinobacteria» bakteriýalar has köp duş gelipdir. Alymlar geljekde durnuksyz beton gurluşlaryny olarda ýaşaýan bakteriýalaryň kömegi bilen anyklap bolar diýip tama edýärler. Ondan başga-da, bakterialary zeper ýeten köprüleri we ýollary abatlamakda ulanyp bolar diýip hasaplaýarlar. Bakteriýalaryň käbirleri kalsiniň karbonatyny bölüp çykarýarlar. Ony bilen betonyň jaýryklaryny we öýjüklerini dolduryp bolýar.

Adblock
detector