JEMGYÝET

Halkara Olimpiýa komitetinde Pekindäki Olimpiadada epidemiýa garşy ulgamyň işleýşine haýran galdylar

Halkara Olimpiýa komitetiniň (HOK) lukmançylyk ekspert toparynyň başlygy Braýan Makkloski Olimpiýa oýunlary başlamazyndan ozal Pekiniň howa menzilinde koronawirusa alynýan testleriň položitel netije berýändigine HOK-da geňläp oturmaýandyklaryny aýtdy, diýip, Russiýanyň «Новости» habarlar agentligi ýazýar.

Pekindäki gyşky Olimpiýa oýunlar 4-nji fewraldan 20-nji fewral aralygynda geçiriler. Olimpiada gatnaşyjylaryň hemmesi şähere çykmaga we ýerli ilat bilen galtaşmaga mümkinçilik bermeýän «haltalarda» ýaşarlar we ýaryşarlar.

«Pekindäki Olimpiadada epidemiýa garşy ulgamyň nähili işleýändigi gowy täsir galdyrdy, ol örän netijeli. Soky günler Oýunlar gelýänleriň sany artdy — ol üç müň adam çenli ýetdi. Şonuň üçin hem položitel testleriň sanynyň artmagy hem düşnükli« diýip, Makkloski metbugat konferensiýasynda aýtdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: