Täze ýyl gijesi Türkmenistanda däp bolan teleköpri guraldy
Türkmenistanyň ýaşaýjylary 2022-nji ýylyň soňky sagady guralan teleköpriniň üsti bilen biri-biri bilen didarlaşmaga we Täze ýyl baýramy bilen gutlamaga mümkinçilik aldylar.
Lebap welaýatynda jemgyýetçiligiň wekilleri bu agşam Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanynda oturdylan Täze ýyl arçasynyň töwereginde ýygnandylar. Bellenilen wagtda wideoaragatnaşyk çatyldy we monitorda Aşgabat şäherinden we welaýatlardan şekiller peýda boldy. Şol, wagt hemmeleriň ünsi ýurduň ähli künjeklerinden gutlag sözlerini ýetirýän ekranda jemlendi.
Öz nobatynda Lebap welaýatynyň wekilleri hem çykyş etdiler. Il sylagly ýaşulular Gahryman Arkadagymyzy we hormatly Prezidentimizi, şonuň ýaly-da bütin türkmenistanlylary ýetip gelen Täze ýyl baýramy bilen gutladylar we olara iň oňat arzuwlaryny ýolladylar. Soňra gezek çagalara ýetdi. Olaryň ýürekleriniň töründen alkyş sözleri ýaňlandy. Soňra welaýatyň sungat işgärleri baýramçylyga taýýarlan ýörite aýdymy we tansy ýerine ýetirdiler.
Köne ýylyň tamamlanmagyna we Täze ýylyň gelmegine sanlyja minut galanda, hemmeler üns bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täze ýyl gutlagyny diňlediler.
Gije sagat on ikiden soň bolsa Täze ýyl arçasynyň ýanynda baýramçylyk konserti boldy.