«Toyota Aqua» 100 kilometre 2,8 litr ýangyç harç edýär
Ýapon öndürijileri ykjam, gymmat bolmadyk «Toyota Aqua» gibridini (hem ýangyçda, hem elektrik togunda ýöreýänini) görkezdiler. Beýleki ýurtlarda ol «Toyota Prius» ady bilen satylýar. Bu barada «Rambler» habar berýär.
Onda 91 at güýji bolan «M15A-FXE» benzin hereketlendirijisi we 80 at güýçli elektrik hereketlendirijisi oturdylan. Başlangyç modeliniň diňe öňki tigirleri, soňkularynyň hemme tigirleri çekýär. Ol 100 kilometr ýola 2,8 litr benzin harç edýär.
Awtomobiliň başlangyç bahasy 18 000 dollara barabar. Tizlikde ol beýleki ýurtlarda hem peýda bolar.