TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebap welaýatynda (Türkmenistan) 320 müň tonnadan gowrak pagta taýýarlanyldy

Lebap welaýatynyň daýhanlary döwlete pagta tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şol gün kabul ediş harmanhanalaryna 320 müň tonnadan gowrak pagta tabşyryldy.
Bu hasyl 130 müň gektar meýdanda ýetişdirildi. Pagta ýygymyna pagta ýygýan maşynlaryň 250-den gowragy gatnaşdyryldy. Ýygnalan hasyl bolsa kabul ediş harmanhanalarynyň 46-synda kabul edildi. Hemişe bolşy ýaly, bu ýylyň hasyly hem pagta arassalaýjy kärhanalaryň 11-sinde gaýtadan işlenilýär.
Welaýatda ikinjileriň hatarynda Darganata etrabynyň daýhanlary şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirdiler. Şonda olar kabul ediş harmanhanalaryna 6 müň 500 tonnadan gowrak pagta tabşyrdylar. Olaryň yz ýanynda Kerki etrabyndan hem 20 müň 500 tonndan gowrak «ak altynyň» ýygnalandygy barada habar geldi. Üçünji bolup arzyly pellehana Halaç etrabynyň pagtaçylary ýetdiler. Şonda tereziden geçirilen hasylyň agramy 56 müň 300 tonnadan geçdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply