TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebap welaýatynda (Türkmenistan) bag ekmäge badalga berildi

Lebap welaýatynda bag ekmäge badalga berildi. Bu çärä düri ýaşdaky we kärdäki adamlar gatnaşdylar. Güýzki bag ekişligiň başlanmagyna bagyşlanan esasy dabara Amyderýanyň sag kenarynda Türkmenabat şäheri bilen Farap etrabyny birleşdirýän awtomobil we demir ýol köprüleriniň arasyndaky ýer böleginde boldy. Bu ýerde sungat ussatlarynyň konserti boldy, Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň artistleri bolsa edebi kompozisiýa görkezdiler. Il hormatly ýaşulularyň pata bermeginde agaç nahallaryny oturtmaga girişdiler.
Şu möwsümde Lebap welaýatynda 1,5 million düýp agaç nahallaryny oturtmaklyk göz öňünde tutulýar.
Bu çäre Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen gol çeken Kararyna laýyklykda geçirilýär. Ýurt boýunça 15 million düýp agaç oturdylar.
Bu resminama ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryny, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimliklerini miweli bag we üzüm nahallarynyň aýratyn kesgitlenen ýer böleklerinde görnüşleri boýunça ekilmegini, olaryň damjalaýyn usulda suwarylmagyny üpjün etmäge borçly edýär. Şonuň ýaly-da, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine hemme edaralary ýeterlik mukdarda üzüm we 3 ýyllyk bag nahallary bilen üpjün etmek, şeýle hem şolaryň ekilişine we ideg edilişine gözegçilik etmek tabşyryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply