JEMGYÝET

«Körpe türgenler» ady bilen sport bäsleşigi geçirildi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Halaç etrap geňeşiniň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramaklarynda etrabyň 17-nji «Şadyýan» çagalar bagynda «Körpe türgenler» ady bilen sport bäsleşigi geçirildi, diýip «Türkmen gündogary» gazeti ýazýar.

Oňa etrabyň çägindäki mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenilýän körpelerden düzülen toparlar gatnaşdylar. Olar haltada bökmek, dürli aralyklara ylgamak, pökgini tora zyňmak boýunça bäsleşip, özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Sagdyn durmuş ýörelgelerini ündemek, sagdyn nesli kemala getirmek, ýaşlaryň sporta bolan höwesini artdyrmak maksady bilen geçirilen ýaryş körpeleriň arasyndan çalasynlaryny hem-de erjellerini öňe saýlady. Gyzykly hem-de çekeleşikli geçen ýaryşyň ýeňijilerine guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary, gatnaşyjylara bolsa höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: