JEMGYÝET

Kerki howa menzilinden uçan ilkinji uçarda ýaş çatynjalar hem gaýtdylar

Şu gün ulanylmaga berlen Kerki şäheriniň howa menzilinden Türkmenabada uçan ilkinji uçaryň ýolagçylarynyň arasynda ýaş çatynjalar hem bardy.
Olaryň ykbalyny sözüň doly manysynda howa menzilleri birikdirdi. Öýlenýän ýigit Arslan Çaryýew Türkmenabat halkara howa menzilinde işleýär. Durmuşa çykýan gyz Aýgül Jepbarowa Kerkiniň howa menzilini guran «Gündogdy» hususy kärhanasynda işleýärdi.
Ýaş çatynjalary türkmen toýuna mahsus däp-dessurlary berjaý etmek bilen Kerki howa menzilinden ugratdylar we şolar ýaly däp bilen hem Türkmenabadyň howa menzilinde garşy aldylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: