JEMGYÝET

ABŞ-nyň ilçihanasy Türkmenabat şäherinde ekofestiwal geçirdi

Şu gün 22-nji aprelde Türkmenabat şäherindäki «Bitaraplyk» seýilgähinde Halkara Ýer güni mynasybetli ekofestiwal geçirildi.

Ony Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ilçihanasy gurady. Şäheriň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň uly gyzyklanmasyna eýe bolan festiwalyň çäklerinde dowamynda türkmen-amerikan dillerinde terjime edilen we beýleki kitaplaryň, häzirki zaman tehnologiýalarynyň, dürli görnüşli el işleriň sergisi, eko-önümleriň ýarmarkasy boldy.

Şeýle hem bu ýerde çärä gatnaşyjylar Amerikada ýokary bilim almak boýunça maglumatlary aldylar.

«Jeyhun.news»-yň habarçysy bu festiwala gatnaşyp, ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen söhbetdeş boldy. Bu söhbetdeşligi ýakyn günlerde okyjylarymyz bilen paýlaşarys.

 

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: