DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Bilesigelijilik tas adamy heläk edipdi

Awstraliýada üç metr uzynlykdaky gaplaň akulasy ýanyna gidrosiklde ýüzüp baran adamyň üstüne hüjüm etdi, diýip «lenta.ru» habar berýär.

Üstüne hüjüm edilen Rik Menning  bükür läheňleri synlamak üçin Nort-Stradbrok adalarynyň (Kwinslend ştaty) kenaryna tarap gidrosiklde ugrapdyr. Tizlikde ol balyklaryň köp ýygnanan ýerini görüp, gidrosiklini olaryň ýanyna sowupdyr we olaryň ýanynda akulanyň ýüzüp ýörenini görüpdir. Menning ýyrtyjy balygyň yzyna düşüpdir we birnäçe gezek oňa has ýakyn barypdyr. Akula birden gidrosikliň üstüne topulypdyr. Ol onuň gyrasyna dişini urupdyr welin, sürüji tas gidrosiklden agan eken. Adama deňagramlylygy saklamak we ol ýeri terk etmek başardypdyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: