DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Ýabany doňuzlar howany üýtgedip bilerler

Ýabany doňuzlaryň derdinden atmosfera 4,9 million metriki tonna kömürturşy gazy düşýär. Bu 1,1 million maşynyň çykarýan tüssesine barabardyr, diýip «mail.ru» ýazýar.

Şeýle habary «Global Change Biology» žurnalynda halkara alymlarynyň bir topary ýaýratdylar. «Ýabany doňuzlar iýmitiň gözleginde traktor ýaly, ýeri agdarýarlar. Sürüm ýeriniň ýokarky gatlagy bozulan wagty, biziň mysalymyzda muňa doňuzlar sebäp bolýarlar, uglerod çykýar we atmosfera düşýär» diýip, barlaglaryň awtory Kristofer O’Braýan aýdýar. «Toprakda atmosfera garanda üç esse köp uglerod bar. Hatda onuň toprakdan çykýan az mukdary hem howanyň üýtgemegini çaltlaşdyryp biler» diýip, ekspert aýdanlarynyň üstüne goşsy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: