DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Äpet buzdag herekete geldi

Baryp 1986-njy ýylda Antarktidadan bölünip aýrylan äpet buzdagy Günorta ummanyň açyk suwuna çykdy. «A23a» diýlip atlandyrylýan bu buzdagyň tutýan meýdany 4170 inedördül kilometre barabar bolup, ol Sankt-Peterburg şäheriniň tutýan meýdanyndan iki essä golaý uludyr. Tiz wagtdan ýeliň, tolkunlaryň we ummanyň ýyly suwunyň täsiri bilen eräp, onuň meýdanynyň kemelmegine garaşylýar. Ýöne alymlar buzdagyň Günorta ummanyndan uzaklara ýüzüp ýitmeginiň hem mümkindigini çaklaýarlar. Dünýä döwletleriniň ylmy merkezleriniň hünärmenleri Antarktidanyň buzluklarynyň kemelmegini daşky gurşawyň hapalanmagy bilen baglanyşdyrýarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: