DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Мoskwa sebitinden bir daýhan ulitkalary köpeldýär.

Moskwanyň  golaýyndaky daýhan  Sergeý  Balayew diňe bir  goýun we geçini däl, eýsem, mör-möjekleri hem saklaýar. Ol birnäçe ýyl mundan ozal  ulitkalary köpeldip başlady. Fermerdäki daýhanyň esasy ýaşaýjylary krokodiller we ulitkalardyr.

Ol bu haýwanlara tötänleýin ideg edip  başlady. Ýigrimi ýyl gowrak mundan ozal akwarium üçin balyk satyn almaga bazara gitdi we goýunlar bilen gaýdyp geldi. Bazarda oňa goýun satyn almak teklip edildi. Şondan soň goýunlara ideg edip başlady we özüne uly  ýer satyn aldy. Daçada köp haýwanlary ösdürip ýetişdirdi, jahankeşdeler haýwanlary görmek üçin onuň ýanyna gelip başladylar. Wagtyň geçmegi bilen, onuň fermasynda barha köp dürli haýwan peýda bolup başlady. Fermer hojalygy üçin adaty bolmadyk haýwanlary isledi we Kryma gitdi, meýdanda 200 kg ulitka ýygnady, soň bolsa ýabany ulitkalara garaşyk edip başlady. Munuň bilen birlikde täze pudak açdy. Her aý dürli sebitlerden adamlar Sergeý Balaýewiň ýanyna gelip, ondan ulitka ösdürip ýetişdirmegi öwrenýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: