SPORT WE SYÝAHAT

Çempionlar ligasynyň ýarym finaly: «Real» «Çelsi» bilen birinji duşuşykda deňme-deň oýnady

Çempionlar ligasynyň Ispaniýanyň «Real» hem-de Angliýanyň «Çelsi» klublarynyň arasyndaky ilkinji ýarym final duşuşygy deňme-deňlikde tamamlandy – 1:1. Duşuşyk Madridde «Estadio Alfredo Di Stefano» arenasynda geçirildi.

Hasaby ilki bolup «Çelsiniň» futbolçysy Kristian Pulişiç (14) açdy, «Realdan» Karim Benzema hasaby deňledi (29-njy minut).
«Real» 2018-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Çempionlar ligasynyň ýarym finalynda çykyş edýär. 2016-njy ýyldan 2018-nji ýyla çenli häzirki baş tälimçi Zinedin Zidanyň ýolbaşçylygynda klub yzly-yzyna üç gezek Çempionlar ligasynda ýeňiji boldy. Ondan öň hiç bir klub yzly-yzyna iki gezek hem bu netijäni gazanyp bilmändi. Mundan başga-da, «Real» Çempionlar ligasynyň/Ýewropa çempionlarynyň kubogynyň iň köp çempiony diýen rekordy eýeleýär (13).
«Çelsi» 2014-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Çempionlar ligasynda 1/8 finalyndan soňky tapgyra çykmagy başardy. Londonlylar bu ýaryşda bir gezek – 2012-nji ýylda ýeňiji boldular.
Ozal klublar öz aralarynda bäş gezek duşuşyp, iki gezekden ýeňiş gazandylar. Şol bir wagtyň özünde klublar Çempionlar ligasynda hiç haçan duşuşmadylar. Ýewropa kubok ýaryşlarynda iň soňky duşuşyk 1998-nji ýyla degişlidir. Şonda «Çelsi» UEFA Super kubogynda 1-0 hasabynda ýeňiş gazandy.
Bu klublaryň arasyndaky jogap ýarym final duşuşygy 5-nji maýda Londonda geçiriler. Beýleki ýarym finalda fransuz «PSŽ-si» iňlisleriň «Mançester Siti» kluby bilen oýnar. Ilkinji oýun 29-njy aprele geçilýän gije Parižde bolar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply