JEMGYÝET

Seýdi şäher kitaphanasyna täze kitaplar gelip gowuşdy

Seýdi şäher kitaphanasyna täze kitaplaryň 80-e golaýy gelip gowuşdy we onuň kitap gorunyň üstüni ýetirdi, diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Olar Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň döwlet kitaphanasy we «Galkynyş» kitap merkezi tarapyndan iberildi. Neşirleriň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Garaşsyzlyk — bagtymyz», «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitaplary we döwürdeş ýazyjy-şahyrlarymyzyň eserler ýygyndylary, hususan-da, Akmyrat Muhadowyň «Bagtyň tagamy», Hajy Kakalyýewiň «Watan — meniň bagtym» atly kitaplary bar. Kitaplar Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapynda çap edilipdir.

Ýylyň başyndan bäri kitaphana täze kitaplaryň 350-ä golaýyny aldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: