Kerki etrabynyň halk teatry birinji orna mynasyp boldy

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň halk teatrlary» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi. Lebap welaýat medeniýet müdirliginiň guramagynda geçirilen bu bäsleşige etrap we şäher halk teatrlary gatnaşdylar.

Emin agzalarynyň gelen netijelerine görä, Kerki etrabynyň halk teatry birinji orna mynasyp bilindi. Hojambaz etrabynyň halk teatry ikinji, Halaç etrabynyň Garabekewül şäher halk teatry bolsa üçünji orunlary eýelediler.

Ýeňijilere guramaçylar tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector