JEMGYÝET

Ekologiýa meselelerine bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölümi Türkmenistanyň  Kärdeşler arkalaşyklarynyň Çärjew etrap birleşmesi bilen bilelikde şu etrabyň H.Hajyýew adyndaky daýhan birleşiginde ylmy okuw maslahatyny geçirdi.

Oňa gatnaşyjylar öz çykyşlarynda daş-töweregi bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny giňeltmek, çölleri tokaýlaşdyrmak barada giňişleýin gürrüň etdiler. Şonuň ýaly-da, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler we bu ugurda öňde durýan wezipeler hakynda durup geçdiler. Baglara, täze oturdylan agaç nahallaryna ideg etmegiň kadalary hakynda pikir alyşdylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: