JEMGYÝET

«Eziz doganlar» Bäherdende keramiki-bezeg plitalaryny öndürýän zawody gurar

Hökümetiň sanly ulgam arkaly 16-njy noýabrda geçirilen mejlisinde türkmen Lideri Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýylda 3 300 000 inedördül metr keramiki-bezeg plitalaryny we 120 000 sany sanfaýans önümlerini öndürýän zawodyň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Eziz doganlar” hojalyk jemgyýeti bilen şertnamany daşarky eltiji demir we awtomobil ýollaryny, elektrik, aragatnaşyk, gaz we suw üpjünçiliginiň inžener ulgamlaryny gurmak şertinde baglaşmaga ygtyýar bermek hakynda degişli resminama gol çekdi.

Bellenilişi ýaly, ýnaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak, daşky eltiji ulag-kommunikasiýalaryny çekmek hem-de inžener-tehniki ulgamlary gurmak işlerini hem öz içine alýan täze kärhana Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020 — 2023-nji ýyllarda senagat we önümçilik desgalaryny gurmak hakyndaky degişli Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen bina ediler.

Desganyň gurluşygyny 2024-nji ýylyň iýun aýynda tamamlamak göz öňünde tutulýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: