YKDYSADYÝET

«Mizemez gadam» hususy kärhanasynda önümçiligiň depgini ýokarlanýar

«Mizemez gadam» hususy kärhanasynda ýylyň başyndan bäri 1 million 450 müň inedördül metr izogamm öndürildi. Bu geçen ýylyň degişli döwründäkisinden 340 müň inedördül metr kändir. Öndürilen önümiň 556 müň inedördül metrine ýakynyny bolsa daşary ýurtlara ugratdy.

Şonuň ýaly-da, hususy kärhanada 4 müň tonna suwuk bitum mastikasyny çykardy. Geçen ýylyň alty aýynda bu önümiň 2 müň 973 tonnasy öndürilipdi. Suwuk bitum mastikasynyň  1 müň 877 tonna ýakynyny bolsa daşary ýurtly işewürler satyn aldylar. Kärhananyň önümleri, esasan, Özbegistana we Türkiýä ugradyldy.

Kärhanada keramiki plitalary ýelmeýän gury garyndynyň hem 480 tonnasy çykaryldy we ulanyjylar ugradyldy. Bu geçen ýylyň ýarym ýylynda öndürileninden 145 tonna kändir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: