BIZE YAZYARLAR

Söwda etmekligiň medeniýeti

Sen dünýäniň haýsy yklymynda ýaşaýan bolsaň-da, alym, şahyr, daýhan ýa emeldar bolsaň-da, barybir, sen her gün diýen ýaly söwdagärler bilen ýüzbe-ýüz bolup, söwda etmeli bolýarsyň. Dogry, häzirki zaman dükanlarynda, belli kesgitlenen baha bolýar, ol ýerde çekeleşip söwda edilmeýär. Ynha, ýöne bazarlar-da, ýarmarkalar-da sen söwda etmeli bolýarsyň, eger sen söwda etmäni oňarmaýan bolsaň, onda sen harydy öz bahasyndan has gymmada alarsyň.

Köp-köp adamlar söwdalaşyp, bir teňňäniň üstünde çekeleşip durmagy kiçilik bilýär, mertebesini peseltmek hasaplaýar. Emma gündogar ýurtlarynda gyzgyn söwdalaşmaýan müşderini halamaýarlar. Söwdagärler üçin söwda sungat, ylym, kesp-kär. Şonuň üçinem, söwda gyzykly bolsa gowy.

Söwdagärler gara daňdandan agşama çenli her gün söwda edýärler. Olaryň borjy, kesbi-käri öz harydyny gymmat satmakdan ybarat, şonuň üçin alyjy hem her edip-hesip edip arzan aljak bolmaly! Bazaryň kanuny, kadasy şeýle.

Bir adam uzak ýolda ruluň başynda iýip gaýtmak üçin alma almaga haýsydyr bir kiçijik  şäherçäniň bazaryna sowulýar. Onuň puly azalypdyr, şonuň üçinem ol söwdalaşa-söwdalaşa, alma kesilen bahanyň ýarysyny aýyrdypdyr. Söwdagär bilen hoşlaşyp maşynyny otlajak bolýar weli, maşyn otlanmaýar. Alma satyp duran adam maşyna ökde eken. Ol müşderisine kömek etmek isleýär, emma maşyny otlap bilmeýärler. Söwdagär işi-pişesini taşlap, ýeňini çermäp, bozulan maşyny bejerip başlaýar. Gepiň küle ýeri, sürüji bilen söwdagäre maşyn iki sagat iş berýär. Maşyny bejerilen kişi kömek soralmanka uly kömek eden söwdagäre az pul bermegi oňlamaýar, sebäbi ol alma satanda bir pul üçin bir sagat gidişýän, puluň gadyryny bilýän adam.

Alyjy:

– How, dogan, sen onlarça müşderiňi ýitirdiň, iki sagat men zerarly garaýaga bulaşdyň, sypaýyçylyk etme-de, şu puly al – diýip ýalbarýar. Söwdagär almaýar.

– Men seniň bilen bir pul üçin söwdalaşdym, sebäbi ol meniň kesbim, kärim. Emma men maşynyňy oňarşanym üçin pul alman, ol meniň adamçylygym. Adamçylyk satylmaýar! – diýipdir.

Tokioda tutuşlygyna awtomatlaşdyrylan ullakan dükan salypdyrlar. Ol ýerde gurlan enjamdan ýasalan satyjylar 2500 görnüşdäki harytlary satýar. Her bir enjam baran müşderä «Hoş geldiňiz» diýip ýüzlenýär, harydy alan bilen kompýuter arkaly hasaplaşyk geçýär, ýekeje köpügiňi iýjek gümany ýok. Soňundanam enjam: «Harydymyzy alanyňyz üçin sag boluň» diýip, minnetdarlyk sözünem aýdýar.

Dükan garaşylyşy ýaly gowy netije bermeýär. Dükanyň müşderisi az bolupdyr. Ýöne işine ykjam ýaponlar şol dükanyň çetinde bir satyjyly bölümem işledipdir. Satyjy hem enjam satyjylaryň satýan harytlaryny satypdyr, ýöne satyjyly bölümde mydama müşderi kän-de, enjamlar az eken. Aňşynaslar onuň sebäbini öwrenýärler. Görseler, alyjylar dükanda diňe bir haryt alman, satyjy bilen gürleşip, hal-ahwal soraşýar, harydy elläp görüp, yzyna gaýtaryp, başgasyny alyp bilýär. Haryt tanamaýan müşderiler satyjy bilen maslahatlaşyp, ol ýa-da bu harydy alsa gowy boljakdygyny soraýar ekenler. Bir söze jemläp aýdanyňda, ýöne bir haryt almak wajyp däl-de, kimden hem nähili halda almak has wajyp eken.

Almahan Hamraýewa,

Çärjew etrabyndaky 33-nji orta mekdebiň rus dili we edebiýaty mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: