YKDYSADYÝET

Kerki etrabyndaky çörek kärhanasynda ýylyň başyndan bäri meýilleşdirileninden iki esseden hem köp önüm öndürildi  

Kerki etrabyndaky çörek kärhanasynda ýylyň başyndan bäri çörek we çörek önümleriniň 2386 tonnasyny öndürdiler. Bu meýilnamada iki eseden hem, ýagny, 1234 tonna  köpdür.

Bu ýerde ilata çörek we çörek önümleriniň «Ruhubelent», «Höwesli», «Altyn däne», «Altyn asyr» ýaly görnüşlerini hödürleýärler. Etrapda şu çörek kärhanasyna degişli sehleriň 5-si hereket edýär we ýerlerde ilata ýaňy bişen çörek we çörek önümlerini ýetirýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: