Ýeňil we himiýa senagatynyň önümleri Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynyň esasyny düzdi
Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 41 million 403 müň dollaryndan gowrak bolan nah ýüplük ýerlenildi. Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri-de manat serişdelerine bahasy 2 million 363 müň manatdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.
Şeýle-de, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, dizel ýangyjyny, suwuklandyrylan gazy, göni arassalanan benzini satyn aldylar. Owganystanyň işewürleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy hem-de «Türkmengaz» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen granulirlenen tehniki kükürdi hem satyn aldylar.
Türkmenistanyň işewürleri içerki bazar üçin umumy bahasy 80 million 270 müň manatdan gowrak «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýokary dykyzlykly polietileni, el halylaryny hem-de pagta süýümini satyn aldylar.