YKDYSADYÝET

«Galkynyşnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginde meýilnama artygy bilen berjaý edildi  

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Galkynyşnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginde üstümizdäki ýylyň 9 aýynda 41 müň tonnadan gowrak «gara altyn» çykaryldy.

Bu bellenilen meýilnamanyň 106,8 göterim berjaý edilendiginden habar berýär. Ol müdirlik boýunça geçen ýylyň degişli döwründäkä garanyňda, hereket edýän guýulardan 2,6 müň tonna barabar nebitiň artyk çykarylandygyny aňladýar. Kärhana boýunça geçen döwürde tebigy gaz çykarmak baradaky meýilnama iki essä golaý berjaý edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: