YKDYSADYÝET

Ýeralma öndürmek boýunça meýilnama 120 göterim berjaý edildi

«Zehin açary» daýhan hojalygy şu ýyl ýeralmanyň 7 müň tonnadan gowragy öndürilip, meýilnamasyny 120 göterim berjaý etdi.

Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etraby­ň Andalyp adyndaky daýhan birleşiginiň çäginde döredilen bu hojalyk şonça hasyly 512 gektar meýdandan aldy. Häzir ýeralmadan boşan ýerlerde güýzlük käşir hem-de sogan ekildi. Mundan başga-da, daýhan hojalygynda 100 gektara barabar ýerde güýzlük sogan, 20 gektara bolsa sarymsak ekildi. Şu günler olara ozaldan ýörgünli ekerançylyk usullaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Şeýle hem daýhan hojalygynyň şu ýyl pomidor bilen ýazlyk sogan eken ýeriniň her gektaryndan alan hasyly 250 sentnere barabar boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: