YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynda şu güne çenli 6 müň gektara ýakyn meýdana şaly ekildi

Lebaply daýhanlar güýzlük bugdaýdan boşan ekin meýdanlaryna şaly ekmek işini guramaçylykly alyp barýarlar. Olaryň tagallalary arkaly her günde 500 gektardan gowrak meýdana bereket tohumy sepilýär. Şu güne çenli ekiş geçirilen meýdan 6 müň gektara golaýlady.

Üstümizdäki ýylda welaýat boýunça şaly 10,2 müň gektar meýdana ekilip, ondan 47,4 müň tonna hasyl almak meýilleşdirilýär. Munuň üçin ýer eýeleri şalynyň biziň toprak-howa şertlerimizde bol hasyl berýän «Nukus-2» sortunyň ýokary hilli tohumy bilen üpjün edilýär. Ekiş Saýat, Halaç, Çärjew etraplarynda has ýokary depginde dowam edýär. 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: