LUKMANÇYLYK

Öýken howply täze döremesinden goranyň

Ýurdumyzyň beýleki saglygy goraýyş merkezlerinde bolşy ýaly, Lebap welaýat onkologiýa hassahanasynda hem bu howply keseliň öňüni almak we bejermek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Lukmanlar howply täze döremeleriň iň wajyplarynyň biri bolan öýkendäki howply täze döremäniň öňüni almak we bejermek boýunça hem tejribesini artdyrýarlar.
Şeýle-de bolsa, bu howply keseliň garşysyna diňe lukmanlaryň däl, hemmeleriň bilelikde göreşmegi gerek. Şonuň üçin hem okyjylarymyza bu kesel bilen bagly käbir maglumatlary we maslahatlary ýetirmek isleýäris.
Öýken howply täze döremesi bronhlaryň nemli gatlagynyň epiteliýasynyň, öýken alweolalarynyň we bronhiolalarynyň mäzlerinden bölünip çykýar. Ol dünýäniň 20-den gowrak döwletinde esasan erkek kişileriň ömür tanapynyň wagtyndan ir üzülmegine sebäp bolýan ýagdaýlaryň biridir. Has takygy, keseliň bu görnüşi zenanlara seredeniňde, erkeklerde 8 esse köp gabat gelýär.
Öýkende howply täze döremäniň kemala gelmeginde daş-töweregiň howasynyň orny uludyr. Bu kesel şahtýorlarda, himiki önümçilikde işleýänlerde, asbest, fosfat önümçiliginde köp gabat gelýär. Öýkeniň rubesli sowuklamasy hem bu keseliň sebäbi bolup biler.
Keseliň ýokuşyjylyk häsiýeti hem bardyr. Öňi alynmadyk ýagdaýynda ol maşgalada üç adama çenli ýokup bilýär. Şeýle hem anamnezinde köpçülikleýin ilkinji çişleri bolan, hapa şertlerde işleýän we ýaşy 50-den geçen öýken keselleri bolan adamlarda bu keseliň döremek ähtimallygy ýokary. Şonuň üçin hem şu howp toparlaryna degişli adamlarda öňüni alyş çärelerini geçirip durmaly. Öýkeniň dowamly kesellerini öz wagtynda bejermeli.
Ýokarda görkezilen iş şertlerinde zähmet çekýän watandaşlarymyza ýygy-ýygydan onkologiýa barlagyndan geçip durmagy maslahat berýäris. Çünki keseliň öňüni almak ony bejermekden has aňsatdyr.
Şatlyk ITALMAZOW,
Lebap welaýat onkologiýa hassahanasynyň lukmany.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply