JEMGYÝET

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahaty geçirildi

Aşgabatdaky «Arçabil» myhmanhanasynda «Garaşsyz Türkmenistan halkara habarlar giňişliginde» atly halkara maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli geçirilen bu halkara mediaforuma Döwlet habarlar agentliginiň (TDH), Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, gazet-žurnallaryň ýolbaşçylaryndan hem-de işgärleri, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar.

Daşary ýurtlaryň iri habarlar agentlikleriniň, meşhur elektron neşirleriniň, tele we radio kompaniýalarynyň, abraýly halkara guramalaryňdyr düzümleriň ýolbaşçylary hem-de wekilleri öz wideoçykyşlarynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň dünýä bileleşiginde, halkara maglumatlar giňişliginde günsaýyn artýan möhüm orny barada garaýyşlaryny beýan etdiler. Olar türkmen kärdeşleri bilen döredijilik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge we çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar. Özara düşünişmek, dostluk, hoşniýetli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary maglumatlary alyşmak we zerur habarlary gyssagly ibermek üçin oňyn mümkinçilikleri döredýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: